Aşgabat şäherinde geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.
Muzeýde myhmanlar Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen ajaýyp türkmen halysyny, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň ajaýyp nusgalaryny synladylar. Türkmen halysynyň özboluşly göllerinde türkmen halkynyň taryhy, durmuş filosofiýasy, türkmen topragynyň gözelligi öz beýanyny tapýar.
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň myhmanlary muzeýdäki gadymy we häzirki döwre degişli halylary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň, ussatlygynyň aýdyň nyşany bolan bu eserlere haýran galandyklaryny aýtdylar.