Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew FEI-niň prezidenti Ingmar De Wos we baş sekretary Sabrina Ibanýes bilen geňeşmeler geçirdi.
Türkmen tarapy atçylyk sporty pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Dialogyň işjeňleşmegi Türkmenistanda 2026-njy ýylyň bedewler bilen bagly şygarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy ýurduň döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň binýadynda FEI bilen bilelikde konkur boýunça halkara ýaryşlary guramaga gyzyklanma bildirdi.
Mundan başga-da, ýakyn ýyllarda Türkmenistanda FEI-niň Baş Assambleýasyny geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň şu ýylyň dekabrynda Hytaýyň Guançžou şäherinde geçiriljek FEI-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmak isleýändigi bellenildi.
Çeşme: Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy