Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Bedew bady: güýç hem gözellik» atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginiň emin agzalarynyň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen guralan bu giň gerimli döredijilik taslamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 35 ýyllygyna bagyşlanýar.
Film bäsleşiginiň esasy maksady ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we gatnaşyjy ýurtlaryň milli kinematografiýasyny wagyz etmekden ybaratdyr. Eserleri kabul etmek fewral aýynda başlandy, taslamanyň iň ýokary tapgyry bolsa 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolar.
Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda emin agzalary saýlap almagyň ölçeglerini we özara hereket etmegiň tehniki meselelerini ylalaşdylar. Guramaçylar hünärmenleriň ýokary abraýy netijesinde «Bedew bady: güýç hem gözellik» bäsleşiginiň ussatlarynyň arasynda tejribe alyşmak üçin abraýly meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi