Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşdy. 11-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilen duşuşykda hemişelik Bitarap döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýeti nygtaldy. Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, goşulan konwensiýalarynyň hem-de baglaşylan şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti hasaplaýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köptaraplaýyn esasda işjeňleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň oňyn netijeleri, şeýle-de «Ýol kartasynda» 2026-njy ýylda göz öňünde tutulan işler barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşlikde türkmen tarapy toplanylan tejribäniň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň goşulyşan halkara şertnamalaryndan gelip çykýan kadalary ýurdumyzyň milli kanunçylygyna girizmek arkaly zähmet kanunçylygyny, adam hukuklaryna, çagalaryň we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyna degişli kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelerine ýokary baha berip, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny beýan etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi

Şeýle hem