Türkmen wekiliýeti Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

16-njy aprelde BMG-niň baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Duşuşyga Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy Batyr Annaýew, ulag boýunça edaralaryň ýolbaşçylary, Topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary(UNDESA) Li Szýunhua, BMG-niň Baş sekretarynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Žan Todt, Durnukly pes uglerodly ulag boýunça SLOCAT hyzmatdaşlygynyň Baş sekretary Maruşa Kardama, Türk maýa goýum gaznasynyň prezidenti Bagdad Amreýew, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Konsultatiw geňeşiniň başlygy, Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň hormatly başlygy Martin Marmi, Ulag diplomatiýasynyň halkara merkeziniň (ICTD) ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag babatyndaky kararnamalarynyň awtordaşlarynyň hataryndan Hemişelik Wekilhanalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we akademiki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň maksatlary, wezipeleri we alyp barýan işleri barada habar berdiler. Dünýä we sebit derejelerinde durnukly ulag ulgamlaryny gurmagyň ähmiýetine, BMG-niň Durnukly ulag boýunça Onýyllygyna (2026-2035 ýyllar) taýýarlyk görmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekmek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Durnukly ulagyň dostlary toparynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähli derejelerdäki ösüşiň we hyzmatdaşlygyň esasy faktory bolup durýan ulag pudagynda özara kabul ederlikli köptaraplaýyn çemeleşmeleri öz wagtynda işläp düzmäge oňyn täsir etjekdigi babatyndaky pikire geldiler.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary we anyk ädimleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Duşuşygyň çäklerinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň 2023-nji ýylda döredilen Konsultatiw geňeşiniň açylyş mejlisi geçirildi. Geňeşiň başlygy Martin Marmi Geňeşiň geljekdäki işiniň esasy ugurlaryny beýan etdi we işewür düzümleri Dostlar topary bilen bilelikdäki işe çekmek we bu ugurda netijeli döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklaryny gurmak babatyndaky meýilleri bilen paýlaşdy.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar ulag-logistika pudagyndaky kynçylyklary ýeňip geçmegiň usullary, bu ulgamdaky sebitleýin we ählumumy böwetleri peseltmegiň ýollary we BMG-ä agza ýurtlaryň ulag ösüşi babatyndaky başlangyçlaryny öňe sürmek babatynda yzygiderli pikir alyşmak maksady bilen Toparyň işini has-da giňeltmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki duşuşygyň netijeleri boýunça Toparyň işiniň hukuk binýadyny emele getirýän we bu birleşigiň maksatlaryny, formatyny we hereket ediş usullaryny kesgitleýän Jemleýji jarnama kabul edildi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem