Brýusselde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň köptaraply hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Brýussel şäherinde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 25-nji mejlisi geçirildi. Taraplar syýasy dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyna ýardam bermek meselelerini we geljekki ädimleriň ýol kartasyny taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa tarapyny Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskene ugrukdyrdy.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Lýuk Dewin, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Pikir alşyşygyň dowamynda syýasy dialogy pugtalandyrmak, şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar energetika, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ulag arabaglanyşygy we sanlylaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bilim, ylym, hünärmenleri taýýarlamak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.

Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar 2027-nji ýylda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy sebit çäreleriniň tertibini ylalaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar geçirilen dialogyň netijeli häsiýetini bellediler hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini 2027-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem