Aşgabatda Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” mynasybetli “Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredilen we her ýylyň 26-njy noýabrynda bellenilýän “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly halkara senä bagyşlandy.

Halkara maslahata Russiýa, Türkiýe, Hytaý, Belarus, Owganystan, Gruziýa, Germaniýa, ABŞ, Niderlandlar, Özbegistan, Çehiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan we Singapur ýaly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri, döwlet edaralarynyň, bilim ojaklarynyň hünärmenleri we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň durnukly ulag syýasaty, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlary, ulag diplomatiýasynyň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň sebit we dünýä ulag ulgamyndaky orny barada çykyşlar edildi. Gatnaşyjylar “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmegiň, döwrebap awtomobil we demir ýollary, howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty we ulag diplomatiýasy, ulag ulgamynyň ösüşiniň ylmy esaslary, ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Halkara duşuşyk Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we durnukly ösüş maksatlaryna goşant goşmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezdi.

Şeýle hem