Türkmenistan bilen Italiýa döwlet maliýe gözegçiligi ugrunda tejribe alyşdy

2026-njy ýylyň 23–25-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Döwlet Taşliýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu iş sapary iki ýurduň ýokary maliýe gözegçilik edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy hem-de öňdebaryjy tejribe alyşmak we degişli edaralaryň arasynda hünär hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin esas döretdi.

Saparyň çäklerinde 23-nji noýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň Italiýanyň Hasap palatasynyň prezidenti Gwido Karlino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda italýan tarapy Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň işi, onuň esasy wezipeleri we ygtyýarlyklary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem döwlet buýurmasy esasynda gurulýan desgalaryň gurluşygynyň barşyna we hiline gözegçilik etmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Öz gezeginde, türkmen wekiliýeti Italiýanyň Hasap palatasynyň taryhy, guramaçylyk gurluşy, ygtyýarlyklary we iş tejribesi, şol sanda döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine hem-de döwlet serişdeleriniň dolandyrylyşyna gözegçilik etmek babatdaky işleri bilen tanyşdy.

24-nji noýabrda bilermenleriň derejesinde duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda taraplar gözegçilik we audit çärelerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar, döwlet auditiniň milli ulgamlarynyň aýratynlyklaryny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

25-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Milanda ýerleşýän Italiýanyň Hasap palatasynyň Lombardiýa sebitindäki düzüm birligine baryp gördi. Bu ýerde wekiliýet onuň işiniň aýratynlyklary, hususan-da, sebit we ýerli häkimiýet edaralarynyň býujetleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň mehanizmleri bilen tanyşdy.

Şeýle hem