Bakuda Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy guradı.

Oňa Azerbaýjanyň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, ylmy-akademiki we medeni jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow kitabyň mazmuny bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk we netijeli halkara dialog ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyllarda halkara derejede ykrar edilendigini ýatlady. Ilçi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işine aýratyn üns berdi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny, olaryň parahatçylygy, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Onuň sözlerine görä, kitabyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi giň okyjylar köpçüligine Türkmenistanyň döwlet tejribesi we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ol şeýle hem 2026-njy ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparyny ýatlady.

Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Isa Habibbeýli kitapda jemgyýetçilik-syýasy we diplomatik meseleler bilen bir hatarda, milli özboluşlylyk, medeni miras, ahlak gymmatlyklary we türkmen halkynyň ruhy däpleri bilen baglanyşykly meseleleriň hem öz beýanyny tapandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy çuňňur taryhy köklere eýe bolup, ýurduň milli däp-dessurlary bilen baglanyşyklydyr.

Türki medeniýeti we mirasy halkara gaznasynyň Prezidenti Aktoty Raimkulowa kitabyň azerbaýjan diline terjime edilmegine we neşir edilmegine Gaznanyň işjeň gatnaşandygyny aýtdy. Ol bu neşiriň türki halklaryň arasyndaky taryhy, ruhy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetini nygtady.

Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlary hem çykyş edip, kitabyň azerbaýjan dilinde neşir edilmeginiň Azerbaýjanyň jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň daşary syýasy ugry, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça tejribesi, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy we medeni mirasy bilen has giňişleýin tanyşmagy üçin ähmiýetlidigini bellediler.

Şeýle hem