Türkmenistan bilen Russiýa Moskwada geçen hökümetara toparynyň mejlisinde söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

2026-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin bilelikde başlyklyk etdiler.

Taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini bellediler. Hökümetara, parlamentara we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar hem hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berýär.

Gepleşikleriň dowamynda mejlisiň gatnaşyjylary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ugurlary kesgitlediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýangyç-energetika, senagat we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Mejlisiň gün tertibine ulag-aragatnaşyk pudagyndaky hem-de sanly tehnologiýalar babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem girizildi.

Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky we daşky gurşawy goramak babatyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda anyk teklipleri beýan etdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem