Türkmenistanyň Prezidenti «ITTC — 2026» hem-de «Türkmentel — 2026» halkara çärelerine gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC — 2026) atly halkara maslahat-sergä, şeýle hem «Türkmentel — 2026» XIX halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany öz Gutlagynda bu iri halkara çäreleriň ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sanly özgertmeleri çuňlaşdyrmakda hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, sanly çözgütleriň we döwrebap ulag-logistika ulgamlarynyň sazlaşykly kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady. Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanyp, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit we dünýä derejesindäki ulag hem-de aragatnaşyk arabaglanyşyklaryny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny has-da berkitmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, maglumatlary ýokary tizlikde we ygtybarly geçirmek, üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň möçberini artdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutany sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň, maglumat merkezlerini, giň zolakly internet ulgamlaryny, bulutlaýyn tehnologiýalary we «zatlaryň internetini» kämilleşdirmegiň ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi. Şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryny önümçilikde, ulag-logistika ulgamynda, maglumatlary seljermekde we döwlet dolandyryşynda netijeli ulanmagyň hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.

Gutlagda elektron hökümet ulgamyny ösdürmegiň, döwlet hyzmatlaryny sanly görnüşe geçirmegiň, maglumat ulgamlarynyň özara sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň sanly jemgyýeti kemala getirmekde möhüm ugurlardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumat ulgamlaryny we aragatnaşyk torlaryny goramak, milli sanly başarnyklary ösdürmek boýunça wezipeleriň aýratyn ähmiýetlidigi görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti öýjükli aragatnaşyk torlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, 4G+ we 5G tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýokary tizlikli aragatnaşyga bolan artýan islegleri kanagatlandyrmakda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem hyzmat eder.

Ulag ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň täze mümkinçilikleri döredýändigi hem Gutlagda aýratyn bellenildi. «Akylly» ulag dolandyryş ulgamlary, sanly logistika platformalary, elektron ýük resminamalary, ýükleriň hereketini hakyky wagtda yzarlamak we awtomatlaşdyrylan terminal çözgütleri gatnawlaryň tizligini, howpsuzlygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutany häzirki zaman üstaşyr ulag geçelgeleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegine, serhet we gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagyna, demir ýol, awtomobil, deňiz we howa ulaglarynyň mümkinçilikleriniň netijeli utgaşdyrylmagyna baglydygyny belledi. Şeýle hem multimodal gatnawlary ösdürmek, ýük dolanyşygyny kämilleşdirmek, emeli aň we uly maglumatlar esasynda ulag akymlaryny dolandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti halkara forumlaryň ulag-aragatnaşyk ulgamynda gazanylan üstünlikleri, öňdebaryjy tejribeleri we täze tehnologiýalary ara alyp maslahatlaşmak, ylmy-amaly hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Gutlagda Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, telekommunikasiýa ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy nygtaldy.

Döwlet Baştutany halkara çäreleriň ähli gatnaşyjylaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem