Aşgabat halkara ulag we telekommunikasiýa forumlarynyň geçirilmegine taýýarlanýar

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bilen bagly meselelere garady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow şu ýylyň 24–26-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek iri halkara çärelerine taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026” atly halkara maslahat we sergi, şeýle hem “Türkmentel — 2026” atly halkara sergi we ylmy maslahat bar.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çäreler ulag, logistika, telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ugurlarynda täzeçil çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Olara halkara guramalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we dürli ýurtlardan gelen wekiliýetleriň 600-den gowragynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026” atly halkara maslahatyň çäklerinde dünýä ulag ulgamynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, sebitleriň özara baglanyşygy, multimodal gatnaw ugurlaryny ösdürmek, howa gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek, ulag-logistika zynjyrlarynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak hem-de bu ugurlara maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

Şeýle hem “Türkmentel — 2026” halkara sergisinde sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary we telekommunikasiýa pudagyndaky täze işläp taýýarlamalar görkeziler. Serginiň çäklerinde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk boýunça, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan “Emeli aň we innowasiýa bilen Türkmenistanyň sanly geljegini emele getirmek” atly okuw maslahatlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Halkara çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky döredijilikli başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýän “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem geçiriler. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy täzeçil taslamalaryň we sanly çözgütleriň ösdürilmegine berilýän ähmiýetiň nobatdaky beýany bolar.

Şeýle hem