Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara maslahata görülýän taýýarlyk meselelerine garady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty guramak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, maslahatyň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylýan şertlerinde hem-de ulag-logistika ulgamlarynyň özara baglanyşygyny ösdürmek döwründe zähmeti guramak we kadalaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, şeýle hem bu ugurda GDA ýurtlarynyň degişli edaralarynyň we halkara düzümleriniň hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Maslahatyň işine Azerbaýjanyň, Belarusuň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň, ulag düzümleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, zähmeti kadalaşdyrmak boýunça binýatlyk guramalaryň, Döwletara statistika komitetiniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribäniň netijeli ulanylmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.