Türkmenistan taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak boýunça ylmy we rejeleýiş işleri dowam etdirýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek we dikeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine garady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek hem-de olaryň geljekki nesiller üçin asyl durkuny saklamak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamak, goramak, ylmy taýdan öwrenmek hem-de olaryň syýahatçylyk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen kabul edilen 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň güýzki möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzyň gadymy taryhyny özünde jemleýän ýadygärliklerde ylmy-barlag, rejeleýiş we dikeldiş işleri dowam etdirildi. Bu işler milli mirasyň möhüm desgalarynyň tehniki ýagdaýyny öwrenmäge, olaryň taryhy aýratynlyklaryny ýüze çykarmaga hem-de gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, baý medeni mirasyny häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda has içgin öwrenmek maksady bilen, taryhy-medeni ýadygärliklerde ýerli we daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda bilelikdäki arheologik ekspedisiýalar geçirildi. Geçirilen gözlegleriň dowamynda toplanan gymmatly maglumatlary ylmy jemgyýetçilige ýetirmek ugrunda hem degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, arheologiýa, taryh we medeni miras babatda geçirilen ylmy gözlegleriň netijelerini özünde jemleýän «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndynyň dördünji sany taýýarlanylyp, çap etmäge hödürlenildi. Bu neşir türkmen halkynyň gadymy taryhyny we medeni gymmatlyklaryny halkara ylmy giňişliginde giňden tanyşdyrmaga ýardam berýän möhüm çeşmeleriň biri bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmegiň, gorap saklamagyň we geljek nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutany taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, bu ugurdaky ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem