Türkmenistan bilen Ermenistanyň köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri hökümetara toparyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar

20-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de wise-premýer Guwanç Agajanowa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň on birinji mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem