Daşkentde «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisini gutlamak dabarasy geçirildi

Daşkent şäherinde 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň milli medeni merkezleriniň pawilýonynda «Tatar kyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowany hormatlamak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen baş baýrak — «ZEEKR 9X» kysymly awtoulag gowşuryldy.

Halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 7-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar baradaky komitetiniň başlygy K.Sariýew, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow gatnaşdylar. Çärä şeýle hem Özbegistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary we işgärleri, döwlet edaralarynyň, milli medeni merkezleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik toparlarynyň wekilleri, türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler «Tatar kyzy» halkara bäsleşiginiň milli medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde, zehinli ýaşlary goldamakda, şeýle hem halklaryň arasynda dostlugy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem