Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli pul birligimiz — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň taýýarlyk meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bu ugurda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly senä bagyşlanyp “Milli manat – täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde, bank ulgamynyň kämilleşdirilmeginde we maliýe ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeleri, şeýle hem halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar geçirmek göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanyna degişli teklip hödürlenip, onuň çäklerinde geçiriljek çäreleriň mazmuny we guramaçylyk meseleleri barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli pul birliginiň — manadyň 33 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty ýokary derejede taýýarlamagyň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.