Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 17-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary diňlenildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryny Konstitusiýanyň kadalaryna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen täze kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Elektron söwda hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we beýleki hukuk namalaryna degişli täzelenmeleri girizmek boýunça çäreler geçirilýär.
Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetine hem üns çekildi. Şolaryň hatarynda “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly Halkara zenanlar dialogy, “Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary” atly ikinji halkara maslahat hem-de “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat bar. Bu forumlaryň dowamynda zenanlaryň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş hem-de kanunçykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we tejribe alyşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işleri dowam etdirmegiň we milli kanunçylyk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.