Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we
iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa
geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlaryny
üstünlikli dowam etdirýän Prezident Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz
tagallalarynyň netijesinde, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli
Milli maksatnamasy» bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy
inženerçilik-tehniki pikirleri we dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga
gönükdirilendir. Ýakynda hem Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti nobatdaky
täze «Boeing»
uçary bilen ýetirildi. Aşgabadyň
Halkara howa menziline gelip gonan «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary, Türkmenistanyň Prezidentiniň
degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä meşhur «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurduň
satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.
Bu uçarlar ýokary tygşytlylygy, rahatlygy
bilen tapawutlanýarlar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyrlar. Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390
kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905
kilometre deňdir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň
öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar peýdalanylandyr.
Täze uçarda eneler üçin orunlar we bäbekler
üçin sallançaklar hem ýerleşdirilipdir. Olaryň rahatlygy üçin ähli zerur
serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr.
Täze howa gämileriniň tehniki häsiýetnamalary
Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde,
Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap
howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň
soňky nesil awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna bolsa milli howa
flotunyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň
Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurda iki sany «Airbus A330-200P2F»
(Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Olar dürli ugurlar
boýunça netijeli ýük daşamalaryny amala aşyrýarlar.
Soňky ýyllarda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň
möçberleri artdy, şeýle hem hili ýokarlandyryldy. Awia gatnawlarynyň ykdysady
görkezijileri artdy. Şu ýylyň on aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş
depgini 209,2 göterime barabar boldy.
Daşary ýurtly awiakompaniýalaryň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň
ýangyjynyň üstüni dolmak üçin Türkmenistanyň howa
giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary barha artýar. Howa gatnawlarynyň
işjeňligi hem yzygiderli ösýär, çünki awiakompaniýalar Ýewropa bilen Aziýanyň
arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş we nawigasiýa tehnikalary bilen
enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi makul bilýärler.
Durnukly ulag ulgamyny ösdürmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we Prezident
Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de häzirki
döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen döwlet syýasaty durnukly sebit
we ählumumy ösüşine hil taýdan täze itergi bermäge ukyply toplumlaýyn
ulag-üstaşyr we logistika düzümleriniň döredilmegine saldamly goşant goşýan
Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy bilen sazlaşykly utgaşýar.
Uzak geçmişde şöhraty dünýä dolan Beýik Ýüpek ýolunyň
çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň dowamynda söwdada, medeniýetde,
ylymda we beýleki ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar. Muny häzirki wagtda
ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän iri
taslamalar hem subut edýär.
Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň
77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň
başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan
goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek
hakynda Kararnama kabul edildi. Şu ýyl bu baýram Türkmenistanda we dünýäde
ilkinji gezek bellenildi.
2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen
Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty
geçirildi. Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan
2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky
hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalar
kabul edildi.
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň düzümlerini kämilleşdirmek babatdaky
ähli işler BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara raýat awiasiýasy
guramasynyň umumy kabul edilen standartlaryna we kadalaryna laýyklykda alnyp
barylýar.