Awiasiýa pudagy dürli ugurly iş
ýerlerini özünde jemleýändigi we döwrebap ösýändigi üçin iş üpjünçiligini
yzygiderli artdyrýan pudak bolmagynda galýar. Haýsydyr bir ýurtda iş
üpjünçiliginiň artmagy bolsa milli ykdysadyýetdäki pul dolanyşygyny artdyrmaga
ýardam edýär. Ýurduň awiasiýa pudagy bilen bilelikde ösýän awiakompaniýasynyň
bolmagy, onuň syýahatçylyk, ýük daşamak we senagat pudaklarynyň ösmegine-de
mümkinçilik berýär. Munuň özi milli ykdysadyýet üçin zerur şertleriň biridir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda,
esasan-da, soňky on iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny
ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, onuň enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen,
ençeme zerur çäreler durmuşa geçirildi. Şunda «Türkmenistanyň raýat
awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz
öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga, howa gämileriniň düzümini
dowamly döwrebaplaşdyrmaga we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn
ähmiýet berlendigini nygtamak zerur. Şu maksatdan ugur alyp, hormatly
Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky
Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing»
kysymly howa gämileriniň jemi altysyny satyn almak barada Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň «Boeing» kompaniýasy, şeýle-de ABŞ-nyň «TMHCC-AIR 1 LLC» we
«TMHCC-AIR 2 LLC» kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga
ygtyýar bermek barada gol çeken Kararlary pudagy ösdürmekde täze tapgyryň
başlanýandygyny alamatlandyrdy. Netijede, şertnama laýyklykda, 2023-nji ýylyň
4-nji dekabrynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER»
kysymly täze ýolagçy uçarynyň ilkinjisi, täze ýylyň başynda, has takygy, 5-nji
ýanwarda bolsa şeýle kysymly uçaryň ikinjisi gelip gondy. Uçuş uzaklyklarynyň
11390 kilometre deň bolup, 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary
bökdençsiz ýerine ýetirip bilýändikleri, ýokary tygşytlylygy, rahatlygy, 368
ýolagçyny gatnatmaga ukyplydygy bu uçarlaryň esasy aýratynlyklarynyň
käbirleridir. Şonuň ýaly-da, olaryň satyn alynmagynyň Türkmenistanyň raýat
awiasiýasyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna, Raýat awiasiýasynyň halkara
guramasynyň (IKAO) kadalaryna, ulgamyň ýerüsti tehnikalaryny we howa gämilerini
hem-de howa menzillerini täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak babatdaky möhüm
talaplara hyzmat edýändigini-de nygtamak zerur. Üstesine-de, awiasiýa pudagy
ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak bilen birlikde, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy
girdeji çeşmeleriniň biri bolup durýar. Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň
(ICAO) maglumatlaryna görä, dünýä awiasiýa pudagy ählumumy ykdysadyýete ýylda
2,7 trillion amerikan dollary möçberinde göni ýa-da gytaklaýyn gatanç edýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň awiasiýa pudagy babatda öňe sürýän syýasaty
bolsa Türkmenistanyň gürrüňi edilýän möçberdäki paýyny artdyrmagy, howa
gämileriniň uçuşlarynyň bökdençsizligini, awiasiýa hem-de ekologiýa
howpsuzlygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Bu maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň
Howa kodeksiniň kabul edilmeginiň hem ähmiýeti uludyr. Sebäbi bu kanunçylyk
ýuridik we fiziki şahslaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, Türkmenistanyň howa
giňişliginden peýdalanmagyň, onuň howpsuzlygyny üpjün etmegiň düzgünlerini
kadalaşdyrmakda, döwletiň bähbitlerini gorap saklamagyň, howa gämileriniň
uçuşlarynyň howpsuzlygynyň, awiasiýa hem-de ekologik howpsuzlygyň hukuk,
ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitlemekde, ýurdumyzyň döwlet hem raýat
awiasiýasynyň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde esasy resminamalaryň
biri bolup durýar.
Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki üpjünçiliginiň berkidilmegi,
uçarlaryň häzirki zaman parkynyň üstüniň ýetirilip durulmagy bu agentligiň
ýerli we halkara ýolagçy hem ýük gatnatmakdaky mümkinçiligini-de artdyrýar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabat —
Abu-Dabi — Aşgabat ugry boýunça ýolagçy uçar gatnawlaryny gaýtadan dikeltmegi
we onuň ilkinji uçuşynyň şu ýylyň 5-nji ýanwarynda amala aşyrylmagy hem munuň
aýdyň mysalydyr. Gürrüňi edilýän ugur boýunça uçar gatnawynyň gaýtadan
dikeldilmeginiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine saparyna gabat
gelmegi-de özboluşly mana eýe bolup, ol pudagy ösdürmeklige döwlet derejesinde
aýratyn üns berilýändigini görkezýär.
Ýeri gelende aýtsak, paýtagtymyz
bilen Jidda, Kuala-Lumpur, Hoşimin, Milan ýaly şäherleriň arasynda yzygiderli
ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýuljak günleri-de uzakda däl. Şeýle halkara
gatnawlar, islendik ýurt üçin bolşy ýaly, Türkmenistan üçin-de möhüm ähmiýete
eýe. Sebäbi awiasiýa pudagynda halkara ýolagçy we ýük daşamalary amala aşyrýan
kompaniýalar walýuta hümmetiniň gündelik ýagdaýlaryna baglylykda işleýändikleri
sebäpli, degişli bolan ýurduna beýleki ýurtlardan pul akymyny gönükdirmek
arkaly, girdeji-çykdajy gatnaşygynda girdejiniň paýyny ýokarlandyrmakda
özboluşly orun eýeleýär. Awiasiýa pudagynyň ýurduň ykdysady ösüşine önjeýli
goşant goşýandygy, ykdysady durnuklylyga oňyn täsir edýändigi bolsa halkara
giňişlikde bireýýäm ykrar edilen hakykat.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, dürli ýyllarda we
yzygiderlilikde iň kämil ýolagçydyr ýük uçarlary bilen ýurdumyzyň awiasiýa
parkynyň üstüniň ýetirilmegi biziň üçin heniz täze bolan işewürlik awiasiýasy
düşünjesini-de ýüze çykaryp başlady. Ýurdumyzda işewürligiň barha
ösdürilýändigi, senagat pudagynyň ýyl geçdigiçe giň gerime eýe bolýandygy,
türkmen telekeçileridir işewürleriniň dünýä bazarlaryndaky ornuny barha
berkidýändikleri, döwlete dahylsyz pudakda halkara derejedäki bäsdeşlige ukyply
önümleriň önümçiliginiň möçberiniňdir görnüşleriniň artdyrylýandygy bu düşünjäniň
ýüze çykmagyndaky sebäpleriň diňe käbirleridir. Telekeçilik işinde beýleki
ýagdaýlar bilen birlikde, harydyň satyjydan alyja tiz wagtda gowuşmagyna-da köp
zat bagly. Şeýle bolansoň, pudaklaryň köpüsinde haryt üçin ýolda sarp edilýän
wagty gysgaltmak maksady bilen, telekeçiler awiasiýanyň hyzmatyndan
peýdalanýarlar. Bu ýagdaý müşderilere önümleri çalt we ygtybarly ýetirmäge
mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan alanyňda, hormatly Prezidentimiziň
başlangyjy esasynda satyn alnan ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň, diňe bir milli
däl, eýsem, dünýäniň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekdäki, ählumumy ykdysady
gatnaşyklary we söwdany ýeňilleşdirmekdäki, milli ykdysadyýetiň öndürijilik
güýjüni ýokarlandyrmakdaky, Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine
goşulyşmagyndaky ähmiýetine göz ýetirmek kyn bolmasa gerek.
Häzirki wagtda hereket edýän,
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we
Aşgabat şäherinde gurlan Halkara howa menzilleri içerkidir halkara howa
gatnawlarynyň ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny berkitmekde aýratyn ähmiýete
eýedir. Üstesine-de, dürli görnüşli üstaşyr halkara gatnawlary amala aşyrýan
daşary ýurtly awiakompaniýalara gonup geçmäge we dürli, şol sanda tehniki
hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle mümkinçilikler diňe bir
ykdysady bähbitlere ýol açman, eýsem, ýaşyl baýdagymyzy, algyr laçynyň şekilini
göterýän uçarlarymyzy, iň kämil enjamlaýyn binýada eýe bolan Halkara howa
menzillerimizi gören islendik daşary ýurtly raýatlaryň Türkmenistanyň ykdysady
mümkinçiliklerine göz ýetirmegine esas berýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy netijesinde, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde
täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy hem pudagy ösdürmek we daşary
ýurtly maýa goýumlaryny çekmek babatda ädilen derwaýys ädimdir. Sagatda 100
ýolagça hyzmat etjek, 200-e golaý işgäri özünde jemlejek, uzynlygy 3 müň 200
metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagyny, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine
hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdançany özünde birikdirjek täze howa menzili
gurlup ulanmaga berlenden soňra, ol ýurdumyzda gurlan bäşinji Halkara howa
menzili bolar. Bilşimiz ýaly, ozal Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de
Kerki şäherlerinde döwrebap Halkara howa menzilleri gurlup, olar häzirki
zamanyň öňdebaryjy tejribelerini özünde jemleýär.
Häzirki zaman ösen
infrastrukturasy bolan howa menzilleriniň döredilmegi, häzirki wagtda daşary
ýurt bazarlaryna barha ykjam ornaşýan telekeçilerimiziň giň ýaýrawda
işjeňleşmegi üçin-de amatlydyr. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň
halkara abraýynyň barha artmagynda, üstaşyr ulag geçelgeleriniň berkidilmeginde
juda ähmiýetlidir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, täze howa gämileriniň
satyn alynmagynyň we täze ugurlara awiagatnawlaryň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň
awiasiýasynyň taryhynda möhüm orny eýelejekdigi şübhesizdir. Galyberse-de,
şeýle uçarlar we içerki infrastruktura düzümi dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda
işe girizilen işewürlik awiasiýasynyň Türkmenistanyň howa ulaglary bazaryndaky
ornuny has-da berkitmekde, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmakda, iň esasysy bolsa telekeçilerimiziň hem-de daşary ýurtly
işewürleriň uzak ýollaryny ýakyn etmekde ähmiýetli orun eýelär.