“Biz Türkmenistanda giň ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döredýäris. Bu milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegine we ahyrky netijede türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrmagyna kömek edýän durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam edýär.”
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň gündogarynda Amyderýanyň çep (günbatar) kenarynda ýerleşýän Kerki şäheri – Lebap welaýatynyň we tutuş ýurduň senagat we ulag infrastrukturasynyň işjeň ösýän merkezlerinden biridir.
Gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni gatnaşyklar bilen Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany birleşdiren Türkmenistan “ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we bütin dünýäniň abadançylyk bähbitlerine we we durnukly ösüşine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag pudagynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ymtylýar.
Türkmenistan diňe Beýik ýüpek ýoluny täze keşbinde dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem iri halkara logistika merkezine öwrülip, sebitdäki iň möhüm ulag çatrygyna öwrülýär. Bu niýetler ýurduň amatly geografiki ýerleşişi we wajyp başlangyçlary öňe sürýän we olary ilerletmek üçin amaly çäreleri görýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokarlanýan ulag syýasaty sebäpli yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Munuň üçin häzirki zaman halkara standartlaryna laýyk gelýän ulag infrastrukturasy döredilýär, awtoulag ýollary gurulýar, transmilli demir ýollar, wokzallar, Türkmenbaşy şäherinde täze deňiz porty gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, diňe ýurduň içindäki sebitleri däl-de, eýsem goňşy döwletleri hem birleşdirýän demir ýol we awtoýol köprüleri gurulýar.
Ulag hyzmatlarynyň ösmeginde raýat awiasiýasy möhüm orun eýeleýär. Döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça iň täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar we tehniki işgärler taýýarlanylýar, bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar we täzeleri gurulýar.
2018-nji ýylyň 26-njy fewralynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezi – Türkmenabat şäherinde halkara howa menzili işe girizildi. 2010-njy ýylyň aprel aýynda Hazarýaka şäher – Türkmenbaşy şäherinde halkara howa menzili açyldy. Aşgabat halkara howa menziliniň täze toplumy 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berildi.
Ynha indi Kerki şäherinde ýene bir halkara howa menzili guruldy, ol içerki raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeldip, howa ýük daşamalarynyň we ýolagçy gatnawlarynyň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.
Demirgazyk tarapdan Özbegistanyň hem-de Günorta tarapdan Owganystanyň aralygyndaky şäheriň ýerleşişini nazara almak bilen, esasan hem ykdysadyýetiň ösüşiniň milli meýilnamalaryny hem-de olaryň ulag ulgamy bilen utgaşyklygy nazara alnanda, Merkezi we Günorta Aziýada täze halkara howa menziliniň geostrategiki ähmiýeti has-da artýar.
Şeýlelik bilen, Kerki üç ýurduň dostlugynyň we doganlygynyň özboluşly howa köprüsi bolmak bilen, Ýer şarynyň bu künjeginde parahaçylygyň, ynanyşmaklygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkemegine ýardam berýär.
Lebabyň täze howa derwezeleri diňe gündogar welaýatynda howa daşamalaryna barha artýan zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň iri senagat toparyna öwrülýän sebitiň hukuk ýagdaýyny hem bellemek üçin döredildi.
Peýdaly gazylyp alynýan magdanlaryň iň baý ýataklaryna eýe bolan sebitiň senagat infrastrukturasynyň depginli ösmegi bilen ilatyň durmuş-ykdysady derejesi ýokarlanýar, onuň işewürlik we maýa goýum işjeňligi artýar.
Bularyň ählisi, şeýle hem ulag ulgamyny ýurt derejesinde döwrebaplaşdyrmak kiçi howa menzilleriniň ösmegini, şol sanda Kerki şäherinde sagatda 100 adam goýberiş ukyplylygy bilen täze halkara howa menziliniň gurulmagyny şertlendirdi.
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň buýurmasynyň esasynda Kerki şäherinde ýerüsti awiasiýa infrastrukturasyny gurmak taslamasy “Gündogdy”
Hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Täze halkara howa menzili toplumynyň taslamasy bu ugurda iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy gazananlary göz öňünde tutmak bilen, tehniki innowasiýalary we özboluşly dizaýner çözgütlerini birleşdirýär.
Umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr bolan ýolagçy terminalynyň 3 gatly binasy we beýikligi 31,7 metre ýetýän dolandyryş diňi akgynly radial geçişleri we birleşdirmeleri bilen çylşyrymly dinamiki görnüşe eýe bolup, awiasiýa we howa temasynyň elementleri bilen ýokary tehnologiýaly şekil bilen doldurylýar.
Bu nusgawy türkmen we dünýäniň häzirki zaman binagärliginiň simbiozynyň bir görnüşi, ol tehnologiki ösüşi we türkmen awiasiýasynyň ösüşindäki ilerlemäni görkezýär.
Terminal zallarynda potolok beýikligi 6-dan 9 metre çenli tutuş ultramelewşe aýnalary bar we häzirki zaman könelmäge durnukly bolan bezeg we örtük materiallary bilen bezelendir.
Terminal binasynyň esasy girişi göz öňünde tutulýar, bu ýerde ýolagçylaryň hyzmatlary üçin goşlary we el goşlaryny tabşyrýan ýer, başlangyç barlag zolagy, bilet kassalary, maglumat nokady, kafeteriý bilen bufet, ýadygärlik we gazet satylýan nokady, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýerleri ýerleşýär.
Gidiş zaly (ýygnalýan ýer) kafeteriý, ene we çaga otagy we namaz okalýan otagy bolan 120 orun üçin niýetlenendir. Ýolagçylar üçin goşlary almagyň zaly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem CIP toparlary we ýolagçylar üçin hyzmat zolagy bar, ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr.
Taslamada gelýän we gidýän ulaglaryň kesişýän ýerlerini aradan aýyrýan ýolagçylar üçin aňryçäk rahatlygy üpjün edýän berk zolaklaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Fiziki taýdan çäklendirmeli adamlar üçin amatly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler bar.
Terminal wideo gözegçilik, gapylary kartoçkaly blokirlemek, goşlary gözden geçirip, barlamak we işlemek, awtomatiki ýangyn duýduryş we söndüriş ulgamlary ýaly häzirki zaman howpsuzlyk we hyzmat ediş ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Halkara howa menziliniň toplumynyň işgärleriniň iş otaglary häzirki zaman guramaçylyk tehnika we umumy ulgama birikdirilen şahsy kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr.
Emeli uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 2700 metre we ini 45 metre deň (her tarapynda 7,5 metrden). Emeli uçuş-gonuş zolagynyň gyralarynda uçarary öwürmek üçin meýdançalar bar. Beton örtükleriň umumy meýdany 229 müň 710 inedördül metr. Emeli uçuş-gonuş zolagy häzirki zaman duýduryş, ornitologiki, radiotehniki we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metr. Bir wagtyň dowamynda ol iki sany iri göwrümli uçarlary we dört dikuçarlary duralga kabul edip bilýär. Perronlaryň ölçegleri 165 x 240 metr.
Şeýle hem infrastruktura 542 inedördül metr meýdany heläkçilikli-halas ediş we ýangyn gullugynyň binasy, 417 inedördül metr meýdanly tehniki blok, goýberiş nokady, ýörite ulaglar üçin garaž, birnäçe transformator kiçi stansiýalary we beýleki kömekçi desgalary öz içine alýar.
Aerodrom toplumynyň howpsuzlyk ulgamy uzynlygy 12 müň 182 metr we beýikligi 2,5 metr perimetri boýunça gorag diwaryny öz içine alýar, ol hiliň, ygtybarlylygyň we uzak ömürliligiň kadalaşdyryjy-tehniki parametrlerine laýyk gelýär. Ýer çäkleriniň suw joşmagyndan, suw basmagyndan inženerçilik goragy we soňundan aerodromyň irrigasiýasynda ulanmak üçin arassalamak bilen uçuş meýdanyndan tupan we ýagyş suwlaryny ýygnamak ulgamy göz öňünde tutuldy.
Mundan başga-da, meýdany 12,1 müň inedördül metr bolan ýanaşyan howa menziliniň ýer çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça işler geçirildi.
Şeýle hem toplumyň düzümine wokzal meýdançasy, ýolagçylar üçin ýeňil awtoulaglaryň duralgasy, awtobus duralgasy, howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil awtoulaglaryň duralgasy girýär.
Kerki şäherindäki halkara howa menzili, ilkinji nobatda, uçuşlaryň howpsuzlygy we ýokary derejeli ýolagçy hyzmaty babatynda ähli häzirki zaman talaplaryna we halkara standartlaryna laýyk gelýär.
Şeýlelik bilen, täze halkara howa menziliniň işe başlamagy bilen ýurduň çalt ösýän iri senagat we oba hojalygy sebitiniň multimodal ulag-logistika ulgamynyň döremegine ýene bir itergi berildi.
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ulag pudagyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň aýrylmaz bölegi – içerki we halkara ugurlary boýunça ýolagçy we ýük daşamalarynda möhüm orun eýeleýän Watanymyzyň raýat awiasiýasynyň infrastrukturasyny kämilleşdirmekden we täzelemekden ybaratdyr. Ýurdumyzda bu ugurda anyk, yzygiderli ädimler ädilýär.
Bu pudakda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän gerimli meýilnamalaryň aýrylmaz bölekleri: uçuş, inžener-tehniki we dolandyryş işgärlerini taýýarlamak, maddy binýadyny enjamlaşdyrylmagynyň tehnologiki derejesi we içerki raýat awiasiýasynyň awiaparkynyň täzelenmegi, oňa içerki we halkara ugurlarda ýolagçy we ýük daşamalarynda ähmiýetli orun berilýär.
Milli ykdysadyýetiň ösüşindäki häzirki zaman ugurlary, şeýle hem raýatlaryň abadançylygynyň ýokarlanmagy täze içerki we halkara howa uçuşlarynyň açylmagyny talap edýär, üstesine-de, türkmen howa ýollarynyň tehniki enjamlaşdyrylmagy we häzirki zaman parky muny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Milli lideriniň raýat awiasiýasy pudagynyň yzygiderli ösmegi we döwrebaplaşdyrylmagy baradaky yzygiderli aladasynyň netijesinde şu gün “Türkmenhowaýollary” Gullugynyň howa parky dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň soňky nesiliniň uçarlary we dikuçarlary bilen enjamlaşdyryldy.
Howa nawigasiýasy infrastrukturasynyň ösdürilmegine we howa ýolagçylary üçin hyzmat pudagynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, şol sanda ýerüsti kömekçi enjamlaryndan intellektual howa menzilleri toplumlaryna we innowasiýa halkara hyzmatlaryna çenli ýokary netijeli we şahsylaşdyrylan çözgütleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Watanymyzyň awiasiýasynyň ösüşi – häzirki döwürde gaty möhüm mesele. Ol milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we segmentlerine, köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň we köp derejeli halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna: uly syýasatdan adaty adam gatnaşyklaryna çenli degişlidir. Ol durmuşy pudaga, halkyň ýaşaýyş derejesine, ýurduň her raýatynyň öz-özüni ýerlemek üçin iň gowy şertleriň döredilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Umuman aýdanyňda, ýokary tehnologiýaly, ylmy we maýany köp talap edýän pudak hökmünde raýat awiasiýasy, bir tarapdan, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň innowasiýa taýdan ösüşiniň netijesi, beýleki tarapdan bolsa onuň görkezijisi bolup durýar.
Watanymyzyň howa ulag pudagynyň ösüş maksatlary Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan düzülen Türkmenistanyň ulag strategiýasy bilen kesgitlenilýär.
Bu strategiýanyň esasy ugurlary – Türkmenistanyň multimodal ulag giňişligini emele getirmek, dünýä ulag ulgamyna integrasiýa etmek we milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşi wezipeleriniň derejesinde ýurduň tranzit kuwwatyny durmuşa geçirmek.
Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň emele getirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridir, ol ýurduň öňdebaryjy durmuşy-ykdysady ösüşine we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir. Geografiki taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, Gündogar bilen Günbatary, Demirgazyk bilen Günortany birleşdirýän aragatnaşyk ýollarynyň strategiki çatrygynda bolmak bilen, biziň ýurdumyz aňryçäk netijelilik bilen durmuşa geçirmäge ymtylýan ägirt uly tranzit kuwwatyna eýedir.
Türkmenistan sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag çatrygy statusynda barha berk ykrar edilýär we bu meselede ýurduň häzirki zaman howa menzilleri ähmiýetli orun tutýar.