Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň
hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, uçuşlary
amala aşyrmakda halkara
howpsuzlyk standartlaryna laýyk iş alyp barmakda örän ähmiýetli netijeleri
görkezýär. Bu üstünlikli işleriň esasy taraplarynyň biri Türkmenistanyň raýat
awiasiýasy Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen işjeň hyzmatdaşlykda
bolup, türkmen raýat awiasiýa hünärmenleriniň
başarnyklarynyň we bilimleriniň kämilleşdirilmegini üpjün edýär.
Hünär derejesini
ýokarlandyrmak we halkara standartlary
Ahlumumy ykrar edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän
mümkinçilikleriň ornaşdyrylmagy netijesinde «Uçuş howpsuzlygynyň döwlet
inspektory - hünärmenleriň sertifikatlandyrylyşy» okuw programmasynyň
çäklerinde türkmen hünärmenleri okuw sapaklaryny geçer. Bu okuw 2024-nji ýylyň
30-njy sentýabryndan 18-nji oktýabry aralygynda «Türkmenhowaýollary»
agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde ICAO-nyň mugallymlarynyň
gatnaşmagynda guralar.
Bu okuw
sapagy okuw-usulyýetiň çygryny giňeltmek, ony dünýä standartlaryna laýyk
getirmek we diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem goňşy ýurtlardan, şol sanda
Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan ýaly döwletleriň
hünärmenlerini taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistan diňe bir öz hünärmenleriniň bilim derejesini
ýokarlandyrman, halkara gatnaşyklaryny hem berkidýär we sebitleýin
hyzmatdaşlygyň ösüşine itergi berýär.
Halkara tejribe we hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň
hünärmenleriniň 2024-nji ýylyň 15-19-njy iýuly aralygynda Singapurda geçirilen
«Uçuş howpsuzlygynyň döwlet programmasynyň durmuşa geçirilmegi» atly nazaryýet
okuwyna gatnaşmagy hem möhüm waka boldy. ICAO bilen bilelikde guralan bu okuwa
dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda «Türkmenhowaýollary» agentliginden
wekiller gatnaşdy.
Nazaryýet okuwynyň esasy maksady, uçuş howpsuzlygy programmalarynyň durmuşa
geçirilmegi babatynda gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat
boldy. Bu bolsa raýat awiasiýasynda ýokary derejeli howpsuzlygy üpjün etmek
üçin möhüm ähmiýete eýe.
Singapur
Awiasiýa akademiýasynyň, ICAO-nyň we beýle döwletleriň wekilleri nazaryýet
okuwlarynyň ähmiýetini nygtap geçdiler. Olar uçuş howpsuzlygy programmalarynyň
ösdürilmeginiň we hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň raýat awiasiýasynda
global howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm rol oýnaýandygyny belläp geçdiler. Türkmen hünärmenleri üçin bu
geçirilen nazaryýet okuwy beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen
pikir alyşmakda we tejribelerini paýlaşmakda uly mümkinçilikler döretdi.
Halkara raýat awiasiýasyna goşant goşmak
Türkmenistanyň
raýat awiasiýasy uçuş howpsuzlygy we hil babatynda ýokary derejeli
talaplara ygrarlydygyny görkezýär. Türkmen raýat awiasiýasynyň hünärmenleri halkara bilim programmalaryna we
başlangyçlaryna yzygiderli gatnaşmak bilen hyzmatdaşlyklardaky işjeňligini
görkezýär. Bu diňe bir hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga kömek
etmän, eýsem ýurduň halkara arenasynda wajyp ornuny hem berkidýär. Aşgabatda we Singapurda geçirilen okuw
programmalary Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň durnukly ösüşiniň esasyny
döredýär we
onuň halkara standartlaryna hem düzgünlerine laýyk gelýändigini
tassyklaýar.
Şeýlelikde, hünärmenleriň halkara derejeli nazaryýet
okuwlaryna işjeň gatnaşmagy Türkmenistanyň Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň
möhüm agzalarynyň biridigini
görkezýär. Türkmenistanyň
raýat awiasiýasynyň tagallalary sebitde,
ICAO-nyň talaplaryny we tejribelerini durmuşa
geçirmekde hem-de halkara derejede durnukly ösüşiň, howpsuz
awiasiýa gatnawlarynyň amala aşyrylmagynyň kepili bolup durýar.