7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy. Şu ýylyň iki aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 100,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,5 göterime ýetdi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 111,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 123,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 110,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 121,9 göterime deň boldy. Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly we netijeli peýdalanmagyň, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmagyň, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi