Türkmenistan Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisinde täze başlangyçlar bilen çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ykdysadyýet, kanunçylyk we daşary syýasat ulgamlarynda birnäçe täze başlangyçlary öňe sürdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejesinde bolmagyna garaşylýar. «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli 5 müň 300-e golaý täze iş orny dörediler. «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäginde şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak düýpli maýa goýumlary özleşdiriler, munuň 68,5 göterimi önümçilik maksatly desgalara, 31,5 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly desgalara gönükdirendir.

Oba hojalygynda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy, 1 million 250 müň tonna pagta tabşyrylmagy meýilleşdirilýär, 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürildi.

Iri desgalaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry — ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen döwrebap zawodyň gurluşygyna badalga berildi. Bu ýerde ýakyn geljekde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Bu taryhy taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberlerini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berer. Umuman, «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň özleşdirilmegi we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň energetika we durmuş syýasatynyň iň iri taslamalarynyň biridir.. Şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 öý hojalygyna niýetlenen täze şäherçäniň gurluşygy agzaldy. Balkan welaýatynda şu ýyl köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy ulanmaga berler. Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegi babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň gurluşyklary, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler bellenildi. Şu ýyl umumy uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi açyldy.

Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberleri hem-de görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şu ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe giriziler.

Himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şu ýyl himiýa senagatynyň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris.

Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» Kararnamasyny, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» Kararnamasyny kabul edendigini aýtdy. Şu ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Şeýle hem