Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiýasiýa pudagyny tapgyrlaýyn ösdürmek üçin bäş ýyl üçin strategiýasy işlenip taýýarlandy.
Raýat awiasiýasyny toplumlaýyn täzelemek we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak Türkmenistanyň ulag we aragatnaşy ulgamyny ösdürmegiň düzüm bölekleriniň biridir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda howa menzilleri toplumyny we emeli uçuş-gonuş zolaklaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek üçin 5,2 mlrd manat möçberde maýa goýumlary gönükdirildi.
Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagyna 3 mlrd amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy.
«Türkmenhowaýollary» agentswasy tarapyndan Türkmenistanyň awiasiýasyny IKAO-nyň — Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ölçeglerine laýyklykda ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde howa menzillerini täze enjamlar, ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek we howa gämilerini döwrebaplaşdyrmak boýunça gaýragoýulmasyz işler geçirilýär. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýolagçy we ýük gatnatmalarynyň ýokary derejesini üpjün etmek, howa ulaglary hyzmatlarynyň dünýä bazarynda ornuny has-da berkitmek, şeýle hem ilatyň uçar hyzmatlaryna artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürilmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasy kabul edildi. Bu Maksatnamada her bäş ýyl üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň we enjamlarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem olaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça tapgyrlaýyn işleri durmuşa geçirmegiňi meýilnamasy göz öňünde tutulýar.