Ulag-kommunikasiýa toplumynda geçen ýyl ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy

7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,8 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,8 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 104,2 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,1 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 114,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 140 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 128 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 116,2 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şeýle hem ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak babatda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa toplumynyň möhüm pudaklaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy we ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, üstaşyr hem halkara ýük gatnawlaryny has-da giňeltmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ulaglaryň, aragatnaşygyň ähli görnüşleri babatda hyzmatlary yzygiderli ösdürmegiň, pudaklara sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak işlerini giň gerimde dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleri alyp barmak, awtoulag kärhanalarynyň parkynyň maddy-tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda howa menzilleriniň durkuny täzelemegi, uçarlaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda netijeli işleri geçirmegi, täze ugurlar boýunça halkara howa gatnawlaryny açmaga, ýük daşalýan ugurlary giňeltmäge möhüm ähmiýet bermegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmagy tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Şeýle hem