Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde gözegçilik edýän toplumynyň, hususan-da, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de awtomobil ulaglary arkaly ýük daşamak üçin ulag serişdelerini bökdençsiz we netijeli işletmek babatda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin bu ugurda taýýarlanylan teklibi makullady we agentligiň ýolbaşçysyna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi