Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.
Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.