10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. “Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň kuwwatly binýadyny görkezýär. Döwrebap şäherde ýaşamak, işlemek we medeniýetli dynç almak üçin ähli amatly şertler döredildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, senagat taýdan kuwwatly şähere öwürmek maksady bilen, «Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda», «Arkadag şäheriniň inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak hakynda», «Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda» Kararlara gol çekdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi