Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Onda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek, şäheriçi awtobus ulgamynyň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwrebaplaşdyrylan şäheriçi awtobuslaryny satyn almak, olary Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli şu ýylda ýurdumyza getirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçy gatnawyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi we ýolagçylary gatnatmak boýunça ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap awtobuslary satyn almak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi hem-de bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi