Häzirki döwürde ýurdumyzda karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän döwrebap sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Şolaryň hatarynda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank-terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar bar. Olaryň kömegi bilen karzlary resmileşdirmek, internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmeleri almak, elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, onlaýn görnüşde täze bank kartlaryny açmak, bir kartdan beýleki karta pul serişdelerini geçirmek, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek ýaly dürli amallary ýerine ýetirmek mümkindir. «VISA» we «MasterCard» halkara töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana ählumumy bank hyzmatlary ulgamyna goşulyşmaga, ýurdumyzyň esasy banklarynyň işewürlik abraýyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik hem-de «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banklary daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini onlaýn görnüşde tölemek üçin niýetlenen sanly hyzmatlary hödürleýärler.
Karzlary resmileşdirmekde ýeňillikleri döretmek maksady bilen, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan 2024-nji ýylyň iýulynda «Sanly karz» ulgamy ornaşdyryldy. Müşderiler ýörite ykjam goşundy arkaly onlaýn görnüşde sarp ediş karzyny almak üçin ýüz tutmaga, öz karz taryhyny özbaşdak barlamaga, karzyň iň ýokary möçberini kesgitlemäge mümkinçilik alýarlar. «Halkbank» tarapyndan «Halkbank terminal» ykjam programma üpjünçiligi-de işe girizildi. Bu hyzmat döwrebap we ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda işlenip düzülendir hem-de ol nagt däl hasaplaşykda, ýagny harytlardyr hyzmatlar üçin tölegler tölenende ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýar.
«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligi arkaly «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň TMCELL öýjükli aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, AŞTU-nyň (Aşgabat şäher telefon ulgamy) CDMA öýjükli aragatnaşyk telefon, internet, IP TV, öý telefony hyzmatlarynyň, «Türkmentelekom» elektron aragatnaşyk kompaniýasynyň internet hyzmatynyň, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem-TV plastik kartlary» hyzmatynyň töleglerini, şeýle-de Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerime töleglerini, ýerleşýän ýerlerine garamazdan, müşderiler günüň islendik wagtynda töläp bilýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasion taýdan ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler durnukly ykdysady ösüş gazanmak, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly makroykdysady şertleri döredýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi