Täze ýylyñ öñ ýanynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça demir ýol gatnawlary girizildi. Dekabr aýynyñ 23-30-y aralygynda ýolagçylar otlylaryñ goşmaça sanyndan peýdalanyp bilerler, bu paýtagt bilen demirgazyk sebitiñ arasyndaky gatnawlaryñ amatlylygyny üpjün eder.
Dekabr aýynyñ 23-30-y aralygynda Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça dürli günlerde goşmaça otlylar heteket eder. Şeýlelikde, 23, 25, 27 we 29-njy dekabrda Aşgabatdan Daşoguza iki otlydan ugrar: birinjisi - 11:20, ikinjisi - 22:25. Galan günlerde, ýagny 24, 26, 28 we 30-njy dekabrda sagat 16:50 bir gatnaw amala aşyrylar.
Bu çäreler baýramçylyk günlerinde ýolagçy akymynyñ köpelmeginiñ netijesinde kabul edilip, Täze ýyl baýramçylygyny hossarlary we ýakynlary bilen geçirmek isleýän raýatlaryñ gatnawlaryny ýeñilleşdirmäge gönükdirilen.
Aşgabat we Daşoguz ugry boýunça ulag aragatnaşygynyň gowulandyrylmagy ýolagçylara amatly şertleri döretmäge, ýol wagtyny gysgaltmaga we gyşky dynç alyş döwri demir ýoly bilen syýahat etmegiň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi