21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň taýýarlanylan Döwlet maksatnamasy barada hasabat berdi. Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli awiasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, awiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi