Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Mejlise topara gatnaşyjy döwletleriň, şol sanda ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň binýadynda döredilen Bitaraplygyň dostlary topary sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek hem-de umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik mehanizmiň işlenip taýýarlanylmagyna goşant goşmak maksadyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorkda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilçiler derejesinde birinji mejlisiniň geçirilendigini bellemek gerek. Onuň dowamynda BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen ýörelgelere ygrarlylyk tassyklanyldy. 2022-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Onuň Jemleýji jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde neşir edildi.
2023-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisiniň dowamynda bu düzümiň işiniň amaly netijelere gönükdirilendigi bellenildi. Munuň özi topara gyzyklanmalaryň artýandygyny, halkara gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki tapgyrynda onuň uly ähmiýete eýedigini subut edýär. Düzüminiň yzygiderli giňeldilmegi hem toparyň işiniň netijeliliginiň nyşanydyr. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygynyň geçirilendigini we onuň netijeleri boýunça Jemleýji resminamanyň kabul edilendigini hem nygtamak gerek.
Şu gezekki mejlisiň gün tertibine bolsa häzirki döwrüň wehimleriniň öňüni almak maksady bilen, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň gün tertibini has işjeň ilerledýär, möhüm halkara meseleleriň birnäçesi boýunça netijeli çözgütleri teklip edýär.
Mejlise gatnaşyjylar milli we halkara strategiýalara Bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmek babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen bagly pikirlerini beýan etdiler.