Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi «Sarahs» serhet geçelgesine bardy

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtabi Rozbahani ýanyndaky wekiliýet bilen bilelikde Eýrandaky «Sarahs» ykdysady zolagyna, türkmen-eýran «Dostluk» bendine, şeýle hem Türkmenistan bilen serhetdäki gümrükhana we terminala baryp gördi.  

Bu saparyň esasy maksatlarynyň biriniň iki ýurduň arasyndaky ulag aragatnaşygyny giňeltmekde «Sarahs» serhet geçelgesiniň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen baglydygy beýan edildi. Saparynyň dowamynda diplomat ýerli hünärmenler we ulag kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

«Sarahs» serhedine syýahat ilçiniň we Eýranyň ilçihanasynyň ykdysady hünärmenleriniň Türkmenistan bilen barlag nokatlaryna eden saparlarynyň bir bölegidir. Bu saparlar üstaşyr we ulag aragatnaşygyny kämilleşdirmäge we ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.


Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem