Täjigistan Türkmenistandan geçýän multimodal geçelgäniň işini ösdürýär

Täjigistanyň ulag ministri Azim Inrohim degişli bölümlere «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe – Ýewropa» multimodal geçelgesinde synag demirýol otlusyny guramak hakynda görkezme berdi. 

2023-nji ýylyň maýynda Duşanbe şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasyndaky duşuşykda ulag pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň barşynda «Hytaý – Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe» multimodal geçelgelerini özünde jemleýän täze halkara ulag geçelgelerini döretmäge hem-de olaryň netijeliligi ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berildi.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem