Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlarynda

n elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, orakdan boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýarlamak, şeýle hem gallaçylar bilen döwlete tabşyrylan hasyly, hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hem-de hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda bökdençsiz geçirilmegini, azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem