Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary Adrian George Fogiş bilen duşuşdy.
Hemmetaraplaýyn pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler ulag pudagynda ikitaraplaýyn iş toparlarynyň alyp barýan işleriniň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem «Global Gateway» başlangyjyny öz içine almak bilen ulag-üstaşyr geçelgeler pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar 2024-nji ýylda Buharestde dört taraplaýyn (Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Rumyniýa) «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara ulag ýoluny döretmek hakynda hökümetara şertnamasyna gol çekmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.