Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doganlyk ýurduň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Gazagystanda Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, iki döwletiň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we “Merkezi Aziýa +” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygy aýdyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Energetika, ulag ulgamlaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz we diplomat iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlarynyň, geografik aýratynlyklarynyň bu ugurlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýakynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak kompozitory we sazandasy Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň oturdylandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda yzygiderli guralýan bilelikdäki döredijilik forumlarynyň bu ulgamda gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň görkezijisidigine üns çekildi. Hususan-da, şu ýylyň 25 — 27-nji iýunynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi, 4-nji iýulda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherine saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşylýandygynyň aýdyň mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Nurlan Nogaýew duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem