Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy boýunça seminar geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy boýunça seminar geçirildi. Bu seminar YYO maksatnamasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmegini goldamak maksady bilen guraldy.

Bu çäre Italiýanyň gümrük we monopoliýa agentliginden Bütindünýä gümrük guramasynyň YYO tehniki we operatiw geňeşçisi Gaetano Sassone we Koreýanyň Gümrük gullugyndan BGG YYO tehniki we operatiw geňeşçisi Dongsuk Kim tarapyndan geçirildi.
 
Bäş günlük seminar Çarçuwaly standartlar ulgamlaryň durmuşa geçirilmeginde ählumumy söwdany goramak we goldaw berilmegini üpjün etmek, Türkmenistanda YYO maksatnamasyny ornaşdyrmak, YYO dumuşa ornaşdyrmak we tassyklamak boýunça goldaw ýaly mowzuklary öz içine aldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça hünärmenler YYO maksatnamasynyň ýurtda has netijeli durmuşa geçirilmegi üçin tekliplerini hödürlediler.

Bu seminar Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerine YYO maksatnamasyny we onuň Türkmenistanda durmuşa geçirilişini ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilik boldy.

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly

Şeýle hem