«Türkmenistan-BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň 2-nji mejlisi geçirildi

16-njy iýulda Aşgabatda "Türkmenistan-BMG" strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine seredildi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" atly Karanamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurtda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşykda Antoniu Guterrişiň bu saparynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyndaky aýratyn ähmiýeti bellendi, gatnaşyjylar gazanylan netijeleriň hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirip öňa täze itergi berjekdigini bellediler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji umumy mejlisinde 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2025-nji ýylyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi baradaky ylalaşyk esasynda halkara jemgyýetçiliginde parahatçylykly dialog medeniýetini ösdürmek boýunça çäreleri dowam etdirmegi aňladýan 78/266 Kararnama kabul edildi.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan bu Kararnamanyň bilelikde hereket etmek üçin meýdança hökmünde kabul edilmegi, ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlaryň parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollar we usullar arkaly çözülmegine we döwletleriň arasyndaky ynamly gatnaşyklary güýçlendirmek üçin niýetlenendigi hem bellendi. 

"Türkmenistan-BMG" Strategik maslahat beriş geňeşiniň 1-nji mejlisi 2024-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem