Hytaýyň üstaşyr otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana geçer

Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Hytaýyň üstaşyr otlusynyň Gazagystanyň we Türkmenistanyň serhetlerinden geçensoň, «Inçeburun» barlag-geçiş nokadyndan Eýrana geçjekdigini aýtdy.

Eýranyň Hytaýdaky ilçisi Mohsen Bahtiýar, Eýranyň ilçihanasynyň Hytaýyň harytlaryny Günbatar Aziýa we Ýewropa daşamakdaky üstaşyr mümkinçiliklerini güýçlendirmek ugrundaky tagallalarynyň dowamy hökmünde Sian şäherinden Tährana ugrandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, Eýranyň ilçisi «Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçensoň, bu otly 10 günüň içinde «Inçeburun» serhet geçelgesinden Eýranyň çägine girer» diýip belledi.

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly

Şeýle hem