5 — 15-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasyndan Mongoliýa Respublikasyna uzan «Ýüpek ýoly – 2024» ralli-reýdi 11 tapgyrdan ybarat boldy. 5 243,13 kilometrlik menzile uzan halkara ýaryşyna 9 döwletden (Russiýa Federasiýasy, Belarusiya, Mongoliýa, Hytaý Halk Respublikasy, Şwesariýa, Owganystan, Sirýa Arap Respublikasy, Serbiýa, Türkmenistan) türgenler gatnaşdylar.
Bu halkara ýaryşa jemi 50 ekipaž, şol sanda T1 bäsleşigine 3, T2 ýaryşyna 6, T3 boýunça 6, T5-den 12, Açyk (OPEN) görnüşinden 5, moto-kwadrasikelleriň ýaryşyna bolsa 18 topar gatnaşdy.
T2 görnüşinde 5 243,13 kilometrlik menzili ynamly külterlän ildeşlermiz, Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň sürüjileri Merdan Toýlyýewiň (sürüji) we Şöhrat Toýlyýewiň (şuturman) ekipažy 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, olara «SILK WAY 2024» atly kubok gowşuryldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň türgenleri Maksatmyrat Daňatarow we Didar Orazmedow 3-nji orna hem-de «SILK WAY 2024» kubogyna eýe boldular.
Çeşme: Türkmenmetbugat