M.Daňatarow «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň sekizinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

Russiýanyň hem-de Mongoliýanyň çäginde dowam edýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň sekizinji tapgyry jemlendi. Mongoliýanyň Altaý sebitinde geçen tapgyr 492,12 kilometre uzady.

Ralliniň ýolsuz ýerde hereket edýän T2 ýaryşynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýewiň ekipažyny 13 minut, Andreý Suşensowyň toparyny bolsa 19 minut yzda galdyran Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarow öňe saýlandy. Toparlaýyn hasapdaky öňdeligi bolsa Andreý Suşensow elden bermeýär. Türkmenistanyň ekipažlary — Toýlyýewiň hem-de Daňatarowyň toparlary ikinji we üçünji orunlarda barýarlar.
Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly

Şeýle hem