Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň birinji ýarymynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 105 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,4 göterim berjaý edildi.
Ýanwar — iýun aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,1 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 149,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 109,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 112,7 göterime deň boldy.
“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde pudagara elektron maglumat alşygy ulgamyny ornaşdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Hasabat döwründe halkara forumlaryň we bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we kommunikasiýalar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak, hilini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek babatda degişli çäreleri görmek tabşyryldy. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak möhümdir. Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyryp durmagyň wajypdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi