Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak barada maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň ulag meseleleri boýunça baş geňeşçisi Henrik Hololeý, DG INTPA-nyň müdiri Peteris Ustubs we Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň (EEAS) wekili Andrea Rossi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ulag pudagynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň orny aýratyn nygtaldy. Taraplar sebitara hyzmatdaşlykda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň ulag pudagyndaky möhüm ösüşini bellediler we bu ugurda Türkmenistanyň işjeň garaýşyna ünsi çekdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda ÝB we Merkezi Aziýanyň ulag ministrleriniň ýakynda Türkmenistanda geçiriljek duşuşygyna aýratyn üns çekildi. Bu duşuşygyň esasy maksady ýokary derejeli platformanyň, ýagny ulag pudagynda ÝB-Merkezi Aziýa utgaşdyryş platformasynyň işe girizilmegi bolup durýar. Bu başlangyjyň ulag infrastrukturasynyň ösmegine we sebitleriň arasyndaky logistika aragatnaşygynyň gowulandyrylmagyna hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ýokarlandyrylmagyna goşant goşar diýlip garaşylýar.

Duşuşyk özara düşünişmek we konstruktiw gepleşik hökmünde geçirilip, onda iki tarapyň hem ulag pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak islegi beýan edildi.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem