Türkmenistan Täjigistanda we Ýaponiýada söwda öýlerini açmagy meýilleşdirýär

Häzirki wagtda Türkmenistan tarapyndan Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Latyn Amerikasy döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda okgunly ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, hususy pudaga goldaw bermekde, üstaşyr ulag geçelgeleri ýaly wajyp ugurlarda bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň söwda ulgamynyň iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Söwda öýleriniň ähmiýeti uly bolup, olaryň sany barha artdyrylýar.

Russiýanyň Moskwa we Kazan şäherlerindäki, Belarusdaky, Türkiýedäki söwda öýleri söwda dolanyşygyny pugtalandyrmakda uly orun eýeleýär. «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Täjigistanda, Ýaponiýada we beýleki döwletlerde söwda öýlerini açmak boýunça gepleşikler geçirilýär.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem