Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Daewoo» koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd» kompaniýasynyň prezidenti Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly,  Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Koreý kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň gurluşygyna, giň gerimli «Aşgabat-siti» şähergurluşyk taslamasyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem milli we sebit ähmiýetli beýleki möhüm taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini we işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Duşuşykda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd» kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Daewoo Engineering&Construction Co.,Ltd»  kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk we işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem