Türkmenistan we Pakistan iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýar

25-nji iýunda Türkmenistanyň  Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat  we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy  arzuwlaryny ýetirdi. Pakistanyň Türkmenistan  bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy hem tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine we Premýer-ministrine mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutany doganlyk ýurduň wekiliniň şu gezekki saparynyň köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda türkmen-pakistan syýasy-diplomatik   gatnaşyklarynyň halkara guramalaryň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem okgunly ösdürilýändigi barada aýdyldy. Senagat, energetika we ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar.  Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň iri energetika we kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşýandyklary nygtaldy. Şol taslamalaryň hatarynda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Söhbetdeşlikde medeni-ynsanperwer ulgamyň hem türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem