Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

24-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Möwsümi guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle-de gowaça ekilen ýerlerde ideg işleri, hususan-da, ýekelemek, otag etmek, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Häkimler ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkimlere galla hasylynyň gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şeýle-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy hem-de häkimlere bu ugurda welaýatlarda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda Daşoguz welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň dowam edýändigi, Lebap welaýatynda bolsa şaly ekişiniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy habar berildi.

Şeýle-de wise-premýer ýurduň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda howanyň gyzmagy bilen baglylykda döräp biläýjek ýangynlaryň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda oba hojalyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we wise-premýere gallaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň  agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, gyzgalaňly dowam edýän galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylynyň düýbüni tutmaga häzirden taýýarlyk görülmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem